www.dutar.com
Turkmen Classic Music Homepage

 

Mylly_Tacmyrat

Mylly Täçmyrat

1886-1960

Gadymdan bäri dowam edip gelıän saz sungatymyzy meºhur sazanda, mukamçy-kompozitor Mylly Täçmyratsyz göz önüne getirip bolmaz. Ol türkmen milli sazynyn uly sütünlerinin biridir.

Türkmenistanyò sungatda at gazanan iºgäri Mylly Täçmyrat 1886-njy ıylda Ahal welaıatynyò Gökdepe etrabynda dünıä inipdir. Onun ıaºlyk ıyllary Gökdepäniò İaògala obasynda geçıär. İigriminji ıyllaryò ortalarynda ol Kaka, Duºak sebitlerinde hem ıaºapdyr. Onun gözüni açyp göreni dutar, diòläni saz bolupdyr.

Mylly Täçmyrat Gökdepe, Bäherden, Balkan sebitleriniò bagºylary, sazandalary bilen oturyºyp, olaryò sungatyny synlap, inçeligi bilen öwrenen sazandadyr. Hut ºonuò üçinem onuò saz çalyº ussatlygynyò gerimi örän giòdir. Ol Duºak, Gowºut taraplarynda ıaºan ıyllary meºhur ªükür bagºy bilen, Oraz salyr dagy bilen ıygy-ıygydan duºıar.

Mylly Täçmyradyò sazyò has çylºyrymly nusgalaryny takyk öwrenen halypasy meºhur Kel bagºydyr. Otuzynjy ıyllardan baºlap, ol Aºgabat ºäherinde ıaºaıar. Ol çyny bilen saz çalanda ºol uly göwre misli kiçelen ıaly bolardy. Sebäbi, Mylly aga elini dutara bir ıetirensoò ºirin owazlar dünıäni aılanyp çykardy. Ilki baºyny asman bilen deòläp oturan keremli daglara barardy. Kyblasyna bakyp, çölde gezen ak jerenleri taryplardy. Soò bolsa gadymy «Gyryklaryò» çetinden girip, «Döwletıar gyryk», «Selbinıaz gyryk», «Keçeli gyryk», «Mendag gyryk», «Dilim gyryk», «Kelte gyryk», «İandym gyryk», garaz ºolaryò hemmesini çalardy. «Gyryklary» çalyp boldum edensoò bolsa aºyk-magºuklaryò ahu-nalasyny saz bilen yzlap, «Gözüm bir gülzara düºdi», «Bilbil gördüm», «Hatyja», «Sataºdymy» çalardy. Sazanda mazaly gyzanda halypasy Kel bagºynyò zarlap çalan «Aıralyk mukamy» «Derdiòdeni», «Biçäresi» ıadyna düºerdi. Olaram çalardy. İene dolanyp «Meılis halara», «Gyrmyza», «ªirin-ºekere», «Burny aºagam» syryp, «Humarala» barardy. «Balsaıat» bilen bellisini edibem dutarynygowºadardy. Ine, ol ºeıle sazandady. Mukamlaryò Amangeldi Gönüden, Täçmämmet Suhanguludan, Gulgeldiden, Kel bagºydan soòky uly eıesidi.

1925-nji ıylda türkmen sazyny öwreniji alymW. A. Uspenskiı Mylly Täçmyrat bilenem Gowºutdaduºıar. Ona saz çaldyryp hezil edıär. Sazlarynam birnäçesini ondan ıazyp alıar. Mylly sazandanyò Aºgabatºäherine göçüp gelmegine-de ºol saz öwreniji alymsebäp bolıar. Mylly aga Aºgabatda Türkmen radiosynda, filarmoniıasynda jemlenen bagºy-sazandalarahalypalyk edip gezıär. İaºlaryò uly toparyna sazöwredıär. Onun bütin ömri saz bilen geçıär. Köp ıyllap
Halk saz gurallary ansamblyna ıolbaºçylyk edıär.Türkmenistanyn Halk artistleri Jepbar Hansähet, Çary Täçmämmet, İagmyr Nurgeldi ıaly ezber sazandalary ıetiºdirıär.

Mylly Täçmyrat Sahy Jepbar ıaly meºhur bagºylarymyzyò birnäçesiniò ıanynda dutar çalyp, olaryò aıdıan aıdymlarynyò ºowly çykmagyna kömek beripdir.
Ol 1935-nji ıyldan baºlap, dürli ıyllarda Moskwada, Daºkentde, Aºgabatda geçirilen saz ıazgylaryna gatnaºıar. Onuò birnäçe sazy gramplatistinkalara
alynıar.

Mylly Täçmyrat ilkinji mukam döredenleriò biridir. Ol «Gyzyl baıdak», «Hasyl ıygymçy», «Ugradyº»,«Hüjüm» ıaly sazlary döredip, häzirki zaman sazymyzyò ösmegine uly goºant goºupdyr.

İyllaryò dowamynda saz sungatymyzyò pajarlapösmegi üçin bitirenhyzmatlaryna öz wagtynda mynasyp baha berilıär. Oòa Türkmenistanyò sungatda atgazanan iºgäridiıen hormatly at dakylıar. Ol 1960-njy ıylda aradan çykıar. 1986-njy ıylda onuò doglangününiò 100 ıyllygy dabaraly bellenip geçildi. Türkmen döwlet filarmoniıasyna Mylly Täçmyradyò ady
dakyldy. Aºgabat ºäheriniò köçeleriniò birine hem onuò ady dakyldy. Saz sungatyny kowumlary dowam edıär.

Çeºme: Akmuhammet Aºyr, “Kyrklar”, 1993

 

-MP3-

 

Album 1

 

01.mp3 02.mp3 03.mp3 04.mp3 05.mp3

06.mp3 07.mp3 08.mp3 09.mp3 10.mp3

11.mp3 12.mp3 13.mp3 14.mp3 15.mp3

 

Album 2

 

1)Sataºdym

2)Sahujemal

3)Meºrep

4)Jelil Göwnüm

5)Hatyja

6)Baba Sen

7)İedi Manzar

8)Arzyman

9)Heserli

10)Ezizim

11)Satlyk

12)Atlyk

13)Owadan Gelin

14)Senem Geldi

15)Jelil

16)Baga Seıle

 

Founded And Designed By:
Dr. Farzad MARJANI, Civil Engineer, Ph.D.
Ankara – TURKEY