Tamdyra Sapagy: Rhythm

 

Not                                                  Nokatly notlar we pauzalar                                                                                       
Pauzalar                                         Bir-birine bagly notlar                                                                 
Doly not we pauzalar                     Balken we guruklar                                                                    
ýarym not we pauzalar                  Akkordlar                                                                            
çärýek not we pauzalar                                                                                 
sekgizden bir not we pauzalar
onaltydan bir not we pauzalar
     
                               
 Not
 
Notlaryň dürly görnüşleri bar we belli bir not görnüşi, onuň näçe wagt saklanýandygyny görkezýär.Noti çalyp saklamaly zaman,berilen takt urgylaryň sany bilen we takt görnüşüne degişli bolup, çalmaly tempo bilen şertlidigini aňlatýar.
Notlariň içi doly ýa-da boş hem bolup bilýär.we bir sany not taýagly,ýene-de bir ýa näçe gurugly bolup düzelip biler.notiň haýsy bir sanap geçen häsiýetlere eýe bolsa , onuň saklap çalmaly wagtyny aňlatýar.we pauzalarda hem şüňa meňzeş.
 
                                                                            
 
   Pauzalar
                  
Saz bölümniň içinde noty çalynmany, ýöne ses-syz zamanyň ölçegi hasabynda Şol saz bölüminde bolup gelýän belliklere Pauza diýilýär.
Diýmek pauza:sesleriň arasyndaky dym-dyrsykly ölçegi bolup ,şol sazyň bir böleg hasabyna girýär.
Pauzalariň edil not görnüşleri ýaly dürli-dürli ölçegleri bar.bir pauzaň dowamlygy , berilen takturgylaryň sanyna, we taktgörnüşine bagly we çalmaly tempoa , şertlidir.
 
 
                    
                       
Doly notlar we pauzalar
 
Doly notlar we pauzalar 4 sany çärýeknot ölçegi bilen deňdir.(köp ýerlerde 4 sany takturgybilen deň hasaplanýar).Bir doly not içi boş we taýaksyz bolýar.Doly not adyny, 4/4 takt ölçeginde doly bir takta sygýany sebäpli aýdylýar
 
                                               
Takturgy we kakuw ikisi deň däldir.Takturgusy Takt ölçeginiň urgusy, kakuw bolsa , şol takturgyň hasabynda bolan notlaryň urgusy.Diýmek doly noty çalan mahalymyz bir gezek kakyp, Takt urgyň 4-de çenli saklap durýarys.
 
Doly notlary we pauzalary tamdyrada, çalnyş görnüşi :
Audio : Doly notlary we pauzalary
   
        1w,2w,3w,4w                        1w,2w,3w,4w
      4 takt urgysy                             kakuwny urmaly däl.
                 
  Ýarym notlar we pauzalar
 
Ýarym notlar we pauzalar her biri 2 sany çärýeknot ölçegi bilen deňdir.(köp ýerlerde 2 sany takturgy bilen deň hasaplanýar).Bir ýarym not içi boş we taýakly bolýar.Ýarym not adyny, 4/4 takt ölçeginde 2 sany ýarymlyk notlar takta sygýany sebäpli aýdylýar 
         
                                                                Ýarym notlar
                                 
                       4/4 ölçegde bir takt doldyrmak üçün 2 syny ýarym notlar gerek
                                   
Ýarym notyň kakuwsy 2 takturgyň wagtyna deňdir.
Ýarym notlar we pauzalar tamdyrada, çalnyş görünşi :
Audio : ýarym not we pauzalar
               
         1w,2w    3w,4w       1w,2w     3w,4w
           bir takt urgy  bir takt urgy   
                       
Çärýek notlar we pauzalar
 
Çärýek notlar we pauzalar 1 sany çärýeknot ölçegi bilen deňdir.(köp ýerlerde 1 sany takturgybilen deň hasaplanýar).Bir çärýek not içi doly we taýakly bolýar.Çärýek not adyny, 4/4 takt ölçeginde 4 sany çärýeklyk notlar takta sygýany sebäpli aýdylýar 
         
                                                   Çärýek notlar
                                  
                                      4/4 ölçegde bir takt doldyrmak üçün 4 sany çärýek notlar gerek
                                    
Çärýek notiň kakuwsy bir takturgyň sanyna deňdir.
Çärýek notlar we pauzalar tamdyrada, çalnyş görünşi :
Audio : Çärýek notlar we pauzalar
 
         1 w   2w     3w    4w
 
Sekgizden bir notlar we pauzalar
 
Sekgizden bir notlar we sekgizden bir pauzalar bir çärýek notyň ýarsyna deň bolýar. .(köp ýerlerde 1/2  takturgybilen deň hasablanýar).1/8 notlaryň içi doly we nottaýagynda bir sany gurujygy bilen ozalky notlardan tapawotlanýar.1/8 not adyny,4/4 takt ölçeginde 8 sany sekgizlyk notlar takta sygýany sebäpli aýdylýar.           
                                                         1/8 notlar
                         
4/4 ölçegde 8 syny 1/8 not bir takta sygýar
                                                                       
                                                                                              1/8 pauzalar
Sekgizden bir notlaryň kakuwsy ½ takurga deňdir.
Sekgizden bir notlar we pauzalar tamdyrada, çalnyş görünşi :
Audo :sekgizlik not we pauzalar
         1        w       2       w       3        w       4        w
                       
 
 
                                   Onaltydan bir notlar we pauzalar
 
Onaltydan bir notlar we  pauzalar bir çärýek notyň 4-den birine Deň bolýar. (köp ýerlerde 1/4  takturgybilen deň hasaplanýar).1/16 notlaryň içi doly we nottaýagynda 2 sany gurugly bolýar.1/16 not adyny, 4/4 takt ölçeginde 16 sany 1/16 notlar takta sygýany sebäpli aýdylýar.           
                                      1/16 notlar
                    
                             4/4 ölçegde , bir takt içinde 16 syny 1/16 not sygýar
                    
 Onaltydan bir notlaryň kakuwsy , bir takturgyň 1/16 deňdir.              
 Onaltydan bir notlar we pauzalar tamdyrada, çalnyş görünşi :
Audio :onaltylyk not we pauzalar.              
 
      1…………….w……………2…………….w…………..3……………w……………4……………w……….
                                                                                             
              Nokatly notlar we Nokatly pauzalar
 
Kä mahallar bir not ýa-da pauzaň izinden bir nokat oturýar.Bu nokat şol notyň we pauzaň ölçegini ýarym esse köpeldýär.
Mesal : ýarymlyk notyň izinden nokat gelse onda , şol notyň ýaňlanmaly zamany ýarym esse uzalýar(diýmek, bir çärýek not , ýarymlyk notyň üstüne goşulýar) 4/4 takt ölçeginde diýmek, nokatly ýarymlyk not 3 takturga çenly saklamaly.Eger bir1/4 notyň izinden nokat otursa onda, ýarym esse not ölçegi onuň üstüne goşulýar (bir 1/8 not) .Şeýle nokatly çärýek not 4/4 taktölçeginde, 11/2 takturga çenly saklamaly.
       
                  1/4not                            nokatly ¼ not    ¼ pauza                    nokatly ¼ pauza
                              +  1/8 not                                                   +1/8 pauza
 
Nokatly notlar Türkmen sazynda gaty seýrek duş gelýär we köplenç halatda şelpelere degişli.Mesal : Ne bag düydi , ne bagban sazynda.
Nokatly notlar we pauzalar tamdyrada, çalnyş görünşi :
Audio : nokatly not
 
                                Bir-birine bagly notlar( ýaý bellik )        
 
Bir-birine bagly notlar iki taktyň arasynda deň tonbeýikligde bir ýaý bilen bagly bolýar.Eger bir ton mesal üçün:3 takturga çenli saklamaly bolsa we şol tonyň 3 nji takturgysy 4/4 ölçegde indiki takt-da başlansa, onda 1-nji takt Içinde ýarymlyk not we indiki taktda ¼ not bolup bir-birine ýaý bilen ýetirilýär .Şu iki bir-birine bagly notlar onda 3 takturgy bilen deňdir.
                                  B noty 3 takturga çenli saklaň
                                                      (iki takt-iň arasy)
          
                                 
Ýaý belligi Türkmen halk saz – aýdymlarynda köp duş gelýär.
Bir-birine bagly notlar tamdyrada, çalnyş görünşi :Audio: sazda ýaýly notlar.
 
Balken we gurujyklar
 
Çärýek not-dan kiçi notlar(sekgizlik, onaltylyk notlar)nottaýagynda gurujyk ýa-da balken bilen ýazylýar.Eger 2 sekgizlik notdan köpräk bir taktyň içinde gelse ton beýikligine garamazdan , olar balken bilen ýazylýar.
 
                        Sekgizlik notlar                                    Onaltylyk notlar
                      Gurujyk bilen      Balken bilen    
 
       
 
   Akkortlar
 
 
Eger haýsy bir saz guraly bolanda-da köp notlar bile çalynsa,bu notlar akkord hasabyna girýär.köp saz gurallar-da welin bir not çalynýar emma piano-da birden kän notlary bir zaman-da çalyp bolýar.
Akkord-da hemme notlar bir nottaýag-da setirlenip durýar.Nottaýag haýsy tarapa durmaldygyny ýöne, ortaky not çyzyga haýsy not daş bolsa şoňa baglydyr.
                           
                          Akkord ½ not bilen         Akkord 1/8 not bilen 
                
                                                          Akkord ¼ not bilen
Sorak we ýümüş.
 
1. Not çalynan wagty name şertler esasynda çalynýar ?
2. Notlaryň dürli görnüşleri we 4/4 takt – da notyň her bir görnüşünde näçe sanysy sygýar ?
3. Pauza sazda name roly bar ?
4. Audio – da çalynyp berilen notlary öwreniň.
5. Aşakdaky notlary yzly – yzyna çalyň.