Tamdyra we onuñ döreýiş taryhy :
T. Kör
Türkmen halkyñ
aýdym-saz dünýäsinde Tamdyra iñ ýörgünli gurallaryñ
biridir. Tamdyrañ çykyşy hakynda we onuñ halkyñ arasynda nähilli roly
bardygygyny düşünjek bolsak,Türkmen taryhyny we dil edebiyaty bilen
baglanşyklygyny göz öñüne tutmalydyrys.
Tamdyra saz gural
hökmünde,orta Asiýada dürli halklaryñ arasynda, ýörgünli gural
bolup we her halkda öz diýalektine görä,meñzeş atlary bar.mesal üçin:
Özbekler,gyrgyzlar,gazaklar we şoña meñzeş ýene köp orta Asiýada ýaşaýan
halklarda melli saz gural bolup tanalýar we Dumbura,Tamdyra,Tambur we …
atlary bilen bir-birinden şol halkyñ däb-destur we ýaşaýyş
görnüşiniñ tapawutlygyna görä hem,Tamdyrañ kryşlerniñ düzülşi we perdeleiñ sany
,hem-de ritimleri boýunça aýry-aýry häsiýetli
digini görkezýär.
Diýimek
Tamdyra diñe Türkmenler däl,orta Asiýañ halklarynyñ melli saz gural
hökmünde bolup tanalýar.
Elbetde Tamdyra
ýene-de Türkmen halkyñ arasynda Dutar ady bilen hem meşhur.
Dutar,Tamdyra ikisi
hem bir magnyny añlatýar.Bu ýerde şeýle sorak
gelýär !! Näme üçin Tamdyra ýa Dutar diýilip bir saz
guralyñ iki ady bar?
Bu soraga jogap
berjek bolsak,Türkmeniñ taryhy geçmişinde we halkara gatnaşykly sebäplerinde
agtarmaly bolýarys.
Esasan ymykly ser
etsek,Tamdyrañ döreýşi Türk dilli halklar bilen baglanşykly
bolýar we hemme Türki dil halklarynyñ,dörän çeşmesine baryp
degýär !!
Eger Tamdyrañ
döreýşi hakynda,açyk we düşünükli edip görkezmek islesek, onda Hökman
Tamdyrañ ýüze çykan wagtyndan şu güne çenli dogry maglumatymyz
bolmaly.Asyrlar boýunça Türkmeniñ ýazuw taryhy bolmany üçin ,
Tamdyrañ döreýeşi hakynda we nireden gelip çykanyny anyk bir maglumata
arkalaşyp,açyk bir zat aýdyp bolmaýar.
Elbetde her halkda
bolşy ýaly,bizde hem köp rowaýatlar bar.
Bu rowaýatlar
halkyñ şol döwürdäki düşünjesine gara,Tamdyrañ döreýşi hakynda köp
destanlar we gümänleri görkezýär.
Türkmen sungat
dünýäsinde , halk sungatyñ ösmeginde uly roly eýeleýän iki
Russ älemi W.Uspenski we W.Belýaýofdyr.
Bu iki Russ älemi
Türkmenistan ýuwurdynda ýyllar boýunça aýlanyp,
Türkmen medeni we şol wagtky siýasi we hem-de esasan songat tarapdan köp
bilimleri öz TÜRKMENSKAýA
MUZYKA atly kitabynda
ýazyp, bize, hasapsyz sungat baýlygymyzy uly çäkdä
baýlaşdyrýar.
Ol şol döwürdäki
rowaýatlar we düşünjeleri öziniñ kitabynda Türkmen Tamdyra hakynda
golýazma geçirip,sazçylyk edebiýat we taryhynyñ ýoluny
bize açyklanyşdyryp,görkezipdir.
Gynansyk hem bu iki
älem öziniñ şol wagtky halkara siýasi-medeni ýagdaýa
görä,Türkmen taryhyny gysga görnüşde ýazany bilen,dogry we bitarap
ýazyp bilmändirler.
Tamdyrañ
döreýişi we onuñ asyrlar boýunça öziniñ täsir we
häsiýetini ýitirmänliginiñ sebäbini agtaryp,düşünjek bolsak,onda
eýäm bu saz sungatyñ nähilli derejede halk bilen aýyrylmaz
gatnaşykda durýanyny,göz öñüne getirip bolar.
Tamdyra, Türkmen
halkyñ milli düýgüsiniñ guraly bolup,Türkmen ady bolany bäri halk
sungaty bolup,ýüreglerde ýañlanyp,gahramançylyk
söweşleri,gaýduwsyz göreşleriñ göhwäsi ,Türkmeniñ milli guwanjynyñ we
buýsançly durmuşynyñ hekaýasyny,şahyrlaryñ
paýhaýsly goşgularyny, hünärli we owadan çeperçilik bilen bize
beýan edýär.
Türkmen saz
dünýäsinde, Tamdyra biziñ durmuşymyzyñ taryhy wakalaryny
suratlandyryp,düýgi we guwanç bilen ýaşaýan wagtymyzy
görkezip,busançly Türkmeniñ hakyky bolşuny ,saz bilen dünýä özüni jar
edip,wasp edýär.
Kim-de kim Tamdyra
öwrenjek wagty, eger-de Türkmen halkyñ ösüş taryhyny yzarlap we özüniñ
medeniýet durmuşyny tanap bilse,onda şol Tamdyraçy (Dutarçy) saz çalan
wagty,sazyñ ýa-da aýdymyñ hakyky we açyk magnysyny biziñ geljegki
nesilimize ,güjüne görä tabşyryp biler.
Sap
Kädi
Gapak
Tamdyraň
böleglerniň ady
Tamdyra
esasan 3 sany bir – birine ýelmeşdirelen
agaç böleglerinden
Bejerilen.
1.kädi 2.sap 3. gapak
Tamdyraň kädisi
tut agaçdan ýasalýar.kädi ýasalan wagty her bir usta
Özüniň bejerliş
usulina göre , uli ýa kiçi edip ýasaýar.
Tamdyraň sapy erig
agajyndan ýasalýar.
kädi
ýa sap haýsy bir böleg , ikisi
– de agajyň ortarasyndan
(magzyndan)
kesilip
alynýar.Tamdyraň gapagy , elbetde tut agajyndan
ýasalýar.
Tamdyraň
nähilli ýasalyş hakynda ýörite ýazylan kitabi aşgabat
şährindeTapyp bilersiňiz!
Tamdyraň awazy
2 sany kirş bilen ýaňlanýar.kirşleriň inçe we
ýogynlyk derejesi tamdyraň awazyny köp ütgetýär.Tamdyrany
täze öwreňjiler üçün kirş inçe bolsa onuň barmaklarnyň asuda we
tiz hereket etmegine uly rolly eýeleýär.Türkiäň saz gurallar
kirş ölçgi bilen N:16 kirş , barmaklara has hem mynasyp.
Tamdyrada saz çalmak
üçün 13 sany – dan ebarat bolan
Perde ýerleşýär.
We hemme perdeler ½ ton beýikligde iz – izindendurýar.
Tamdyraň kirşleri
awazlanar ỹaly 2 sany eşek (ýörite
kirşler üçün,gaagaçdan
ýsalan,kiçijik köpri)1boýnuz tamdyraň
bölegleriniň üstünde goýlandyr.
1-nji eşek şeytan
perdr bilen we kirşleriň gulognyň arasynda bejerlin
2-nji tamdyraň gapagnyň üstüne
ýerleşýär.Boýnuz bolsa kädiň aşagynda
mähkämlenen.kirşleri
daňmak we hem sazlamak
üçün her byr kirşe , bir sany
tamdyra gulogy goýlupdyr.
Tamdyradan çykýan awaz saz dünýäcinde , iň owadan
ses kwarta adly ton
aralygy
bilen ýañlanýar.
E ton bilen A ton aralygy 4sany bolan
Üçin latin
dilinden gelen kwarta diýip
aýdylýar.
Tamdyra edinmek üçin maglumat
Saz
çalmakda haýsy bir gural bolanda , onuň dogry ýaslşy we arassa ses
çykmagy iň esasy şert.
Mesal üçün : kirşler bilen gapagyň arasy belli bir derejeden köp
beýik durmagy hiç bir hewösjeň saz çalýany
begendirmeýär.
Ikinji şert Tamdyrada arassa ses çykarmak üçün perdeleriň öz ỹerinde
dogri ýerleşmesi.käbir ustalar tamdyrany ýasan wagty,
perdeleriň ölçegni ¼ Cm aralyg ýalňyş
goýýarlar,şü sebäbli sesler ýalňyş ton-da
çykýar.
Tamdyra satyn alnynan wagty, hökman ustadan tamdyraň haçan
ýasalan , ýagny haýsy pasyl – da bejerlendigini soramaly.
Eger tamdyran tomus – da ýasalan bolsa , onda perdeler köp wagta
çenli gawşaman durýar.Emma gyşda ýasalan tamdyralar , 6 aý
geçmän eýýäm perdeleriň halkasy gawşaýar.
Saz hewösjeňler tamdyrany satyn alan wagty , öz barmaklarnyň
ölçegine ser edip, tamdyraň sapy ýogyn ýa-da inçeräk
bolmagyny we onuň öz eline laýyk-dygyny barlap almalydyr.
Esasan
täze saz öwreňjiler tamdyry satyn aljak wagty,
eger-de bir tejrebeli kişi
bilen gitse oňat bolar.
Tamdyra ýasamakda,ady belli tamdyra ussasy köp
bahşy-sazandalaryñ halypasy mukam dörediji Gulgeldi
ussa bütün türkmenlerde ady nesilde nesile geçip onuň hakynda köp
rawýatlary bize eýtipdir.
Ýaşuli sazandalaryň aýtmaklaryna görä, Gulgeldi ussa
1834-nji ýylda dogulup 1884-de aradan çykypdyr.Ol bary ýogy 50
ýyl ýaşapdyr.
Şeýle az ýaşasada, ol Amangeldi göni( 1833- 1879), Kel
bahşy( 1850-1923), Täçmämed suhanguly(1865-1942) ýaly ençeme ezber bahşy-Sazandalara
halypalyk edipdir.Gulgeldi öz döwründe tamdyra ýasmaga ökde
bolansoň, onuň adyna ussa lakamyny goşupdyrlar.
Gulgeldi ussa amangeldi gönä ussatlyk patasyny berende: sen biziň
Babagammarymyz bolup eýtişersiň- diýipdir.Onuň
aýdany dogry bolup çykypdy.Gulgeldi ussa Amangeldi göni bilen
ýaşytdaşrak bolan.
Amangeldi bir bada ata çykyp,Türkmenleriň üstüne howp
salýan gelmişekler bilen göreşip,güjüni şoňa berýär.Gulgeldi
ussa bilen duşuşanyndan soň, ünsüni tamdyra berip başlaýar.
Gulgeldy ussa mukam döretmäge-de zehinini siňderen adam.Şol döwür
Gökdepede ýedi,mukamyň her nusgasyny bir ussat sazanda döredipdir.
Oňa
mysal edip “ Saltyklary” görkezmek bolar.
Tamdyrany eliňe alyp we çalmak täri
Haýsy
bir saz gural
bolanda – da, ony dogry eliňe
alyp we jaýly tutulmagy saz
çalmak
tekniki , we ustadlyk derejesine ösmeginde uly roll eýeleýär.
Tamdyrany çalmak üçün , sag el bilen kädisini tirsegiň iç
tarapyndan gujoklap tutup we çep el bilen tamdyraň sapyny saklamaly(çep
elli üçün tersine). Aşakdaky
surat
–da görülşi ýaly.
Hökman
kä bir öwrenjilere
şeýle bir sorog gelýändir!!
Näme
üçün sag el tirseginiň
iç tarapy bilen tutmaly diýip?
Saz çalynan wagty,
sag ely aşak we yokara oýnatmaga belli bir boş
ýer gerek. Tamdyryny çalýan
wagtyňyz, sag el şelpe kakanda,ýokardan aşak özüni oklap we aşakdan
yokara güç bilen galdyrylỹar.
Bu hereketleri etmek üçün sag eliň gan akymny rowan akar
ýaly,kädini tirsegiň iç tarapyna goyup saklamaklyk makuldyr.
Şelpäni kakylan wagty
ony tamdyraň her bir ýerine kakyp bolmaz.
Sebäbi eger göni
gapaga şelpe kakylsa, tamdyradan çykýan awazdan başga, barmaklaryň
gapaga degýän sesi hem heňiň ýanynda şagyrdy
bolup eşidilýär.we bu ýaňlanýan sazyň
owadanlygyny pes edýär.
Tamdyrada şelpe kakylanda, ony tamdyraň bokurdagyndan çalyp we
arassa ses çykaryp bolýar.
kirişler we onuň sazlamasy
Bilşimiz ýaly tamdyraň awazy 2 kirşden çykýar.Not
system- de her bir kirşe özüne laýyk ady bar.
Türkmen sazlari Not system-de ýazmak üçün türkmen kompozitorlary
her bir türkmen saz guraly üçün we olaryň häsiýetlerine görä,
ýörite Kirşler we perdeler hem-de üflenýän gurallara, mynasyp
adyny beripdirler.
Türkmen tamdyrany 2 hilli sazlap bolýar.eger-de tamdyra orkester
ýa-da piano bilen bile çalynmaly bolsa onda,aşaky kirşy Not system-de
2-nji we3-nji çyzyk aralygynda ýerleşýän (a) ton beýiklige
düzüp we ýokarky kirşi1nji çyzykda duran (e) ton beýiklige
düzýäris.
Köne-den bize gelip ýetişen ýene-de bir usul
kirşleri düzmegi üçün,aşaky kirşy sazanda ýa bagşy öz islegine göre
çekip we ýokorky kirşy 5-nji perd- äñ aşaky kirşine deň be
deň sese sazlamasydyr.
Elbetde bu usul wagt geçen söň gerek ýeri yok.sebäbi
kirşlerden çykýan awaz eýýäm sazandaň gulagyna tanyş.
Tamdyraň perdeleri we ondan
ses almak
teknikleri
Bilşimiz ýaly tamdyraň 13 sany perdeleri bar.Bu 13 perde
her biri özüniň mag-sus bolan awazy bar.Saz çalynanda perde-den perde
böküp ol sesleriň ýygyn- dasyndan, ýaňlandyrjak
heňi çalýarys.
Perdäni tutup basmak üçün , baş barmak bilen ýokarky kyrşy alyp we
Perdäň halkasyna degmän kyrşy basmaly we orta barmak bilen aşaky Kyrşy baş
barm -magyň gönisinde däl-de iz ỹanynda goýmaly.
Tamdyrany çalmak sebäbli her bir saz öwrenji hökman birinjiden
perdelerden arassa ses çykarmany öwrenmeli-dir.şol sebäbli we hem-de barmaklary
dürli-dürli tutuwlara öwrenişdirmek üçün ýa saz öwrenjiler arasynda
aýdylşy ýaly barmaklary ýençmek sebäbli, öňüzdäki
ýümüşleri doly gaýtalap öwrenmeli.
1nji surat-da her bir perdäni tutup aşaglayn12nji perde çenli çalmaly.
Bu ýümüşler tamdyraň perdelerinden arassa ses çykarmak we
hem-de perdelerden çykýan awazy gulaga öwrenişdirmek-dir.Şonuň üçün
çalyp başlan wag- tyňyz,hiç hilli hauwlukman her bir perdäni bir-birden
tutup we olardan doly açyk ses bilen çalmak ugrunda bolyň.
2nji surat-da birinji perdeden tutan soň , 5nji barmak bilen 3nji
perdäni hem basyň we şeỹdip izli-izinden 12nji perde çenli dowam ediň.
Baş barmak we orta
barmak gapma-garşy durmany, izli-izinde durmaly.
Tamdyraň perdeleri we onuň
atlary
Öň aýdyp
geçişimiz ýaly Türkmen kompozitorlary her bir türkmen gurallar
üçün we onuň tonlaryny not ýazuwsynda ýazmak üçün
,dünýa sazçylyk kanuna deň bolan not ýazuwsyny her bir
gurallyň häsiýetine görä düzeldipdirler.Tamdyraň perdelerinde,
tonlaryň hemmesi ½ ton izlikde oturýar.

Sesler ½ ton
aralykda eýrleşeni üçün käbir perdeler 2 ady bolup emma, şol bir sesi
ýa-da perdäni aňlatýarlar. Bular S we Q bellik bilen
ýazylar Aşakdaky bölümde
tamdyrañ perdeleri köneden
Türkmenlerde adlanan we saz öwrenjiler öz Halypa, ustadlaryndan saz
öwrenmekde,haýyrlanan adlary görýäris.
Ýenede Not
ýazuw-da,kyrşleriñ adyny perdeleriñ üstünde, harplyk bilen
saýlanyp duranyny görkezmek bolar.
1 nji
perde 2 nji perde 3 nji
perde 4 nji perde
Ais …….b
|
h……ces
|
c´
|
c´is……d´es
|
Baş perde
|
Nowai perde
|
Ýokarky açyk perede
|
Ýokarky kyýamat
perde
|
Aşaky kyrş a
Ýokarki kyrş e
5 nji
perde 6 nji perde 7 nji
perde 8 nji perde 9 nji
perde
D´
|
d´is…..e´s
|
E´
|
f´
|
f´is…..g´es
|
Bäşinji perde
|
Geñzu perde
|
Aşaky açyk perde
|
Türkmen perde
|
Ogurja perde
|
A
|
ais……b
|
H
|
c´
|
c´is….d´es
|
a
e
10 nji
perde 11 nji perde 12 nji
perde 13 nji perde
G´
|
g´is…..a´es
|
a´
|
a´is´
|
Göni perde
|
Aşaky perde
|
Kiçi şirwan perde
|
Uly şirwan perde
|
d´
|
d´is…..e´s
|
e´
|
e´ís
|
a
e
Sorak we ýümüş.
1.Tamdyra
we onuň Türki dill halklara gatnaşygy sebäbi näme ?
2.Näem üçin Tamdyra kyrşy näçe inçe
bolsa, çalmasy aňsat we owadan ýaňlanýar ?
3.Tamdyra
owazy Not boýunça haýsy ses aralygynda düzülýär? we olaryň atlary
nämeden ebarat?
4.Tamdyra perdelerniň Not we halk arasyndaky ýörgünli atlaryny ýümüş edip öwreniň.